Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen Zelenskiniň arasynda duşuşyk guramalaşdyrmakçy bolýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 18-nji awgustda ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen Ak tamda duşuşdy. Waşington, ABŞ.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 18-nji awgustda ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen Ak tamda duşuşdy. Waşington, ABŞ.
  • ABŞ prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen Ak tamda bolan duşuşykda Ukraina howpsuzlyk goldawyny wada berdi


  • Duşuşyga ýewropa liderleri hem gatnaşdy we ol Ukrainadaky çaknyşygy soňlamaga gönükdirildi, şeýle-de onuň dowamynda howpsuzlyk kepillikleriniň hem-de Russiýany hem öz içine alýan üçtaraplaýyn duşuşyklaryň mümkinçilikleri maslahat edildi


  • Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen bolan parahatçylyk gepleşiklerinde gazanylan öňe gidişligi nygtady, Donbas sebitinde Ukrainanyň teritorial goranyşy bilen bagly aladalar gozgaldy


ABŞ prezidenti Donald Tramp Ukrainada urşuň soňuna çykmak tagallalarynyň çäklerinde 18-nji awgustda Ak tamda geçirilen adatdan daşary ýygnaklardan bir gün soňra, rus prezidenti Wladimir Putin bilen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň arasynda ýüzbe-ýüz duşuşyk guramalaşdyrmak maksady bilen, Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Tramp Zelenski bilen duşuşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Putine jaň edendigini aýtdy. Ol şondan ozal Zelenski bilen bilelikde Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Finlýandiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de NATO-nyň liderlerini Ak tamda kabul etdi.

“Bu, tas dört ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän uruş bilen bagly örän gowy, ilkinji ädimler boldy” diýip, Tramp aýtdy.

Daşar syýasat meseleleri boýunça Putiniň geňeşçisi bolan Ýuriý Uşakow iki tarapyň hem “rus we ukrain delegasiýalarynyň arasynda göni gepleşikleriň geçirilmegini dowam etdirmek barada goldaw sözlerini beýan edendiklerini” aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda “ukrain we rus delegasiýalarynyň wekiliýet derejesini ýokarlandyrmagyň meselelerine garaldy” diýip, Uşakow aýtdy. Ýöne ol öz beýanatynda Putiniň Zelenski bilen duşuşmaga razy bolup-bolmandygy aýdylmady.

Zelenski ýygnaklardan soňra Ak tamyň daşynda žurnalistlere Putin bilen özüniň şert goýmazdan görşüp biljekdigini aýtdy.

ABŞ prezidentine görä, Zelenski – Putin duşuşygy Trampyň gatnaşmagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan üçtaraplaýyn duşuşykdan soňra geçirilip bilner.

Onuň Zelenski bilen bu gezek geçiren duşuşygy fewralda bolan duşuşykdan has Rahat geçdi. Öňki duşuşyk Zelenskiniň ýardamlar üçin ABŞ-a ýeterlik derejede minnetdarlyk bildirmändigi barada aýdylan aýyplamalardan we gyzgyn dawa-jenjelden soňra birden tamamlanypdy.

Zelenski bu sapar Trampyň adamlaryň öldürilmegini bes etmek ugrunda alyp barýan tagallalaryna minnetdarlyk bildirip duşuşyga başlady. Tramp Zelenskini mähirli kabul edip, onuň gara kostýumyny teswirländen soňra, iki lider ýylgyryşdylar we bir-birek bilen degişdiler.

Howpsuzlyk kepillikleri

Söweşleri soňlamak ylalaşygynyň çäklerinde Kiýewe beriljek howpsuzlyk kepillikleri duşuşyklaryň baş temasy boldy. Tramp Ukrainanyň NATO ýaranlygyna goşulmagyny aradan aýyrdy, ýöne ol 18-nji awgustda ýewropa ýurtlarynyň Ukrainany “gorag bilen üpjün etmek isleýändigini” aýtdy we “biz hem bu ugurda olara ýardam bereris” diýdi.

Tramp ilkibaşda Zelenski bilen ikiçäk geçiren duşuşygynda ýewropa ýurtlarynyň “goranyşyň ilkinji çyzygyny üpjün edip biljekdigini”, ýöne Birleşen Ştatlaryň “gatnaşjakdygyny” aýtdy.

Zelenski soňra 90 milliard dollara barabar harby ýardam söwdasyna salgylandy we howpsuzlyk meýilnamalarynyň “öňümizdäki hepdäniň, ýa-da 10 günüň dowamynda nähilidir bir görnüşde formallaşdyryljakdygyny” aýtdy.

Ol parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly teritorial meseleleriň Ukraina bilen Russiýanyň arasynda çözülişiljekdigini aýtdy.

Zelenski bilen Trampyň arasynda ýekme-ýek geçen duşuşykdan soňra Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz, NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Italiýanyň premýer-ministri Jorjia Meloni, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen, Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stab hem ýygnaga goşuldy.

Rutte howpsuzlyk kepillikleriniň üpjün edilmegine Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagynyň “möhüm öňe gidişlik” bolandygyny aýtdy. Ýöne ABŞ-nyň gatyşyk derejesi heniz kesgitlenmedi, bu ýygnakda ABŞ harbylaryny Ukraina ibermegiň mümkinçilikleri maslahat edilmedi.

Ol “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda ABŞ we ýewropa liderleriniň Ukraina degişli 5-nji madda meňzeş howpsuzlyk kepilliklerini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy. Rutte bu kepillikleriň Putiniň mundan beýläk asla Ukrainanyň teritoriýasyna gaýtadan çozmagynyň öňüne geçmekde möhüm bolandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. NATO şertnamasynyň 5-nji maddasy ýaranlygyň umumy goranyş maddasy bolup durýar.

Ýewropa liderleri Waşingtona Ukraina babatynda jebisliligi görkezmek üçin geldiler, we olaryň köpüsi golaýda urşuň tiz wagtda soňuna çykmak üçin sanksiýalar we beýleki çäreler bilen haýbat atan Trampy magtadylar.

“Bir topar ýewropa ýurdunyň ähli zatlary taşlap, bu ýygnaga gatnaşmak üçin uçup barmagynyň özi olaryň bir zatlaryň boljakdygy barasynda nä derejede galagoply bolandyklaryny aňladýar” diýip, Kornel uniwersitetiniň taryh professory Dewid Silbi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Men Zelenski bolan bolsadym, bu, hiç bolmanda meniň Süýri Kabinetde üstüme azgarylmajakdygyny aňladýar... ýöne men kän bir o diýen optimist garamazdym” diýip, Silbi aýtdy.

Liderleriň tas ählisi gepleşiklerden soňra heniz aşylmaly sepgidiň uzakdygyna yşarat etdiler, ýöne bu duşuşyklar urşy bes etmek tagallalaryny hyjuwlandyrana meňzeýär. 15-nji awgustda Alýaskada bolup geçen Tramp-Putin sammiti ot açmagy bes etmek ylalaşygyny gazanyp bilmedi.

“Bu ukrainalylar bilen ýewropalylaryň arasyndaky jebisligi aýdyň açyp görkezýär. Olar – ählisi bilelikde –Alýaskada ünsi Russiýa ýönelen Trampyň ünsüni gaýtadan yzyna ýöneltmäge çalyşýan ýalydy” diýip, Ukraina boýunça bilermen, Tufts uniwersitetiniň syýasat ylymlary boýunça professory Oksana Şewel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Günbatar mediasy Alýaska sammitiniň yz ýany, Putiniň Ukrainanyň Donbas sebitinde bir giden teritoriadan çekilmegini öz içine alýan parahatçylyk ylalaşygy teklibini ileri sürendigini habar berdi.

Bu, Kiýewde we ýewropa paýtagtlarynda howsala döretdi. Olar berk goralýan sebitlerden çekilmegiň Ukrainany mundan beýläk bolup biljek howply rus hüjümlerine duçar goýmagyndan howatyr etdiler.

“Oňat söhbetdeşlik”

Zelenski ikiçäk duşuşykda Tramp bilen “örän oňat söhbetdeşligiň” bolandygyny we teritoria meseleleri barada uzak gürrüňdeşligiň bolup geçendigini aýtdy.

Zelenski Tramp bilen iki bolup özleriniň kartany seljerendiklerini mälim etdi. Onuň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak olaryň karta seredişlerini görkezýän bir surat paýlaşdy. Ýöne Rutte we beýleki Ýewropa liderleri teritorialary alyş-çalyş etmegiň Ak tamda bolan duşuşyklarda maslahat edilmändigini aýtdylar.

Tramp 18-nji awgustda özüniň baş maksadynyň “uzak möhletleýin parahatçylygy” gazanmakdan ybarat bolandygyny, ot açmagy bes etmek ylalaşygynyň zerur däldigini aýtdy.

“Göresiňiz, Putiniň, hakykatdan-da, bir zatlar edesi gelýär” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi. Ol Putiniň Alýaskada özüne howpsuzlyk kepilliklerini kabul etmäge taýýar bolandygyny aýdandygyny gürrüň berdi.

Merz we Makron Ak tamda bolan duşuşyga gatnaşan ähli ýurtlaryň hüjümleri bes etmek üçin ot açmagyň bes edilmegini isleýändigini aýtdy.

Merz Trampy Putin üçtaraplaýyn duşuşygy kabul eder ýaly, onuň üstüne basyş etmäge çagyrdy. Makron gepleşikleriň soňky tapgyrynyň Ýewropanyň hem stolda bolmagyna rugsat bermelidigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG