Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň ýöriteleşdirilen dil mekdeplerinde soralýan para azaldy


Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň orta mekdeplerine 142 müňden gowrak çaganyň birinji synpa barjagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň orta mekdeplerine 142 müňden gowrak çaganyň birinji synpa barjagyna garaşylýar.

Balkanabatdaky ýöriteleşdirilen dil mekdeplerinde çagany kabul etmek üçin soralýan para geçen ýyla garanda esli azalypdyr.

Rus dilinde bilim berýän mekdeplere birinji klasa okuwa salmak üçin bir çaga üçin soralýan paranyň möçberi şu ýyl 10 müň manat diýip, çeşmeler, bu nyrhyň geçen ýylkysyndan iki esseden has azdygyny belleýärler.

Balkanyň bilim edaralaryndaky birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, soralýan paranyň azalmagyna ilat arasynda rus dilinde okatmaga islegleriň azalmagy, şeýle-de adamlaryň maddy ýagdaýynyň barha gowşamagy sebäp bolupdyr.

"Geçen ýyl 25 müň manatdan ýokary para soran ýöriteleşdirilen mekdeplere şu ýyl hem isleg, hem-de adamlaryň pulsuzlygy sebäpli, hyrydarlar az boldy" diýip, çeşmeleriň biri 20-nji awgustda gürrüň berdi.

Şeýle-de, çeşmeler Balkanabat şäheriniň iň meşhur mekdepleriniň 1-nji orta mekdep, Magtymguly adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen mekdep we rus hem-de iňlis dillerine niýetlenen 3-nji orta mekdep bolup, bu okuw jaýlarynda paranyň möçberiniň soňky iki ýylda 40-50 müň manada çenli baryp ýetendigini bellediler.

"Bu mekdeplerde soralýan parany diňe gurply we wezipeli adamlar töläp bilipdi" diýip, çeşme belledi.

Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly mugallym soňky döwürde çagasyny ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak üçin ähli mümkinçiliklerini ulanmak we bar puluny sarp etmek arkaly para berip, okatmaga höwesiň ilat arasynda barha azalýandygyny belledi.

"Çagalaryny okatmaga mekdeplerde berilýän bilim adamlardan alynýan parany aklamaýar hem-de adamlar orta mekdepde berlen bilimiň ýokary okuw jaýlarynda peýdasynyň ýokdugyna düşünip başladylar. Boşuna çykdaýjy etmegiň geregi ýok, goşa baha bilen okan baýyň ogly ýokary okuw jaýyna-da para bilen girýär, bilimli çagalara bolsa orun bolmaýar" diýip, mugallym aýdýar.

Balkanly mugallymlaryň ýene biri çagany para berip okatmak uly ýalňyşlyk diýip hasap edýär.

"Bu çaganyň psihologiýasyna ýaramaz täsir ýetirýär, 6 ýaşyndaky çagada durmuş para bermekden we almakdan ybarat diýen pikir aňynda ornaşýar. Şeýle çaga gelejekde sowatly bilimli çaga bolup biler, ýöne ol kanuny diňleýän we hormat goýýan çaga bolup bilmez. Para bilen okatmak çaga jenaýat etmegi öwretmekden başga zat däl" diýip, mugallym öz pikirini paýlaşdy.

Täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen orta mekdeplerde bilim aljak çagalardan talap edilýän tutular artýar. Mekdepleriň käbirinde okuw synplary üçin zerur esbaplara okuwçylardan pul toplanýan bolsa, beýlekilerinde birinji gezek okuwa barjak çagalar üçin kitaplaryň ýokdugy aýdylyp, olary satyn alyp gelmek ene-atalardan talap edilýär.

Bilim işgärleriniň sözlerine görä, okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýüze çykan ýene bir mesele mugallym ýetmezçiligi bilen bagly. Mugallymlaryň ençemesiniň işlerini terk edendigi belli bolupdyr.

"Umumy bilim berýän orta mekdeplerde şu ýyl ýüzlerçe mugallymyň daşary ýurtlara gitmek maksady bilen öz işlerini taşlandygy belli boldy. Balkanabatda №4, 5, 8, 9, 10, 13, 15-nji mekdeplerde we başga-da ençemesinde her birinden azyndan 10-15 mugallymyň işlerini taşlap tomusky otpuskadan göni Türkiýä, Gazagystana, Polşa, Slowakiýa we Germaniýa gidipdirler. Indi bu mekdepler ýaş pedagoglary gözleýär" diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Agzalan mekdeplerdäki ýagdaýdan habarly çeşmeler mugallym ýetmezçiligi sebäpli okuw tertibine üýtgetmeleriň girizilýändigini, galan mugallymlara goşmaça sagatlary paýlamak we çagalary tapgyrlaýyn okatmak ýaly çärelere taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Azatlygyň habarçylary sosial ulgamlar, şol sanda IMO mesenjeri arkaly mugallymlary işe çagyrýan bildirişleriň çap edilýändigini aýdyp, iki stawkaly iş hödürleýän mekdepleriň hem bardygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG