Zelenski we ýewropa liderleri Tramp bilen gepleşiklere taýýarlanýar, Russiýa Ukraina zarba urýar

Russiýa Ukrainanyň Harkow sebitinde bir ýaşaýyş binasyna zarba urdy. 18-nji awgust, 2025 ý.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ýewropa liderleri Ak tamda gepleşiklere taýýarlanýan mahaly, Russiýa Ukrainadaky nyşanalara, şol sanda Harkowda bir ýaşaýyş jaýyna ganly zarbalary urmagy dowam etdirýär.

ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen geçiriljek gepleşiklerden birnäçe sagat ozal, Harkowa edilen hüjüm ýedi adamy, şol sanda iki çagany öldürdi, azyndan 20 adam şikeslendi.

“Ölenleriň arasynda 1,5 ýaşly gyz we 16 ýaşly oglan bar. Şikeslenenlerden iň ýaşy 6 ýaşly: diýip, Harkiwiň häkimi Ihor Terehow aýtdy we şäherde bir günlük ýas yglan etdi.

“Men gözlerimi açyp, partlamalary gördüm, hemme zat üstüme ýykyldy” diýip, binadaky bir ýaşaýjy, Anna, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna gürrüň berdi. “Meniň çagamyň üstüne penjire ýykyldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zaporižýa şäheri hem rus zarbalary bilen uruldy, azyndan üç adamyň ölendigi habar berildi.

“Meniň aýalym pahyr, gijeki smenada işleýärdi. Onuň tutuş süňňi sandyraýardy” diýip, bir ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Men munuň nähili stres bolandygyny göz öňüne getirip bilýärin. Bu örän aýylganç” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus dronlary Ukrainanyň Odesa sebitine-de zarba urdy, ýöne wepat bolan ýa-da şikeslenen adamlar barada habar berilmedi.

Degişli maglumat Zelenski Waşingtonda Tramp bilen duşuşar

Russiýa Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň Alýaskada geçiren duşuşygyndan üç gün soňra howa zarbalaryny urdy. Tramp gpeleşikleriň dowamynda parahatçylyk ugrunda “uly öňe gidişligiň” gazanylandygyny, ýöne heniz jikme-jiklikleriň çözülmelidigini aýtdy.

Günbatar media serişdeleriniň tassyklanmadyk habarlaryna görä, Russiýa Ukrainanyň Donbasdan öz goşunlaryny yza çekmeginiň öwezine Zaporižýa we Herson sebitlerinde front çyzygyny doňdurmak tekliplerini ileri sürüpdir.

Zelenski territorialaryň berilmegini aradan aýyrýar. Bu Ukrainada örän ynjyk mesele bolup durýar.

“Ukraina [Alýaskada] ara alnyp maslahatlaşylan zatlar we ümsüm ylalaşylan meseleler boýunça aýdyňlyk talap edýär, sebäbi şol gümürtiklik zolagy Ukrainanyň ruhy-ahlagyna örän howply bolup durýar” diýip, Amerikan daşary syýasat geňeşiniň ýokary derejeli wise-prezidenti Ilan Berman Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Häzirki zaman teleýaýlymyna aýtdy.

“Bu, ukrain howpsuzlygy üçin örän howludyr, we açyk aýylanda, bu, Kiýewi heniz hem goldaýan ýaranlar we hyzmatdaşlar üçin aladalanmaga esas bolup durýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Müdirler geňeşiniň agzasy hem bolan Berman sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Rus goşuny Harkowda köp gatly bina zarba urup, 5 adamy öldürdi, 18 adam ýaralandy

Tramp 18-nji awgust gepleşikleriniň öňüsyrasynda Ukraina üçin NATO agzalygynyň aradan aýrylandygyny ýazdy. Ýöne Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff NATO-nyň 5-nji maddasyna, umumy goranyş maddasyna meňzeş howpsuzlyk kepillikleriniň üpjün edilip bilinjekdigini aýtdy.

“NATO ýaranlygyna agzalyk bir topar päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ýöne bu şeýle bir çynlakaý mesele bolup, onda territorial soraglar bilen ilteşdirilmek potensialy bar” diýip, Stanford uniwersitetiniň Huwer institutynyň ylmy işgäri Sergeý Sanowiç Häzirki zamana aýtdy.

“Eger-de parahatçylyk ylalaşygy Ukraina çynlakaý howpsuzlyk kepillikleri berilmezden rus serhediniň günbatara tarap süýşmegini netije berse, bu diňe nobatdaky çozuşa girişilmegine mümkinçilik berer we şol çozuşyň Trampyň prezidentlik möhleti heniz tamamlanmanka amala aşyrylmagy gaty mümkin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

18-nji awgustda geçiriljek gepleşiklere Tramp, Zelenski, NATO-nyň başlygy Mark Rutte, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz, Italiýanyň premýer-ministri Georgia Meloni we Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stab gatnaşar.