Tramp Zelenski, Putin duşuşygyna taýýarlanýar, Ak tam onuň awgustda geçirilmegine umyt baglaýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti we ýewropa liderleri bilen geçirilen duşuşykdan soň, Wolodymyr Zelenski bilen Wladimir Putiniň arasynda boljak duşuşyga taýynlyk görmäge başlandygyny aýtdy. Ol muny özüniň “Truth” sosial ulgamynda habar berdi.

"Biz Ukraina üçin ABŞ-nyň utgaşdyrmagynda dürli ýewropa ýurtlary tarapyndan hödürlenjek howpsuzlyk kepilliklerini ara alyp maslahatlaşdyk. Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk gazanmak mümkinçiligine hemmeler begenýär. Men bu duşuşykdan soň prezident Putine jaň etdim we indi kesgitlenmeli ýerde prezident Putin bilen prezident Zelenskiniň duşuşygyna taýynlyk görüp başladyk" diýip, ol ýazdy we bu duşuşykdan soň üç taraply sammit geçirmegiň meýilleşdirilýändigini hem sözüne goşdy.

Wise-prezident J.D.Wans, döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Stiw Witkoff Trampyň "öz hereketlerini Russiýa we Ukraina bilen utgaşdyrýandygyny" aýtdy.

"Roýters" habar gullugy, ABŞ-nyň prezident administrasiýasyndaky çeşmä salgylanyp, Zelenski bilen Putiniň duşuşygynyň Wengriýada geçirilmeginiň ahmaldygyny habar berdi. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bu duşuşygyň Ženewada geçirilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz Zelenski bilen Putiniň duşuşygynyň “ýakyn iki hepdede geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini” aýtdy. “Axiosyň” habarçysy Barak Rawid, habarly çeşmä salgylanyp, Ak tamyň Zelenski bilen Putiniň duşuşygynyň awgust aýynyň ahyryna çenli geçirilmegine umyt baglaýandygyny ýazdy.