Lebap welaýatynyň Çarçew etrabynyň ýaşaýjylary kanallardan akyp gelýän iri we ownuk mallaryň jesetlerini tapýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.
Çärjew etrabynyň Guşçylar obasynda bir ýerli ýaşaýjy 13-nji awgustda, 22-nji mekdebiň golaýyndan geçýän esasy suwaryş kanalynda akym ugruna akyp barýan dört sany sygryň çişen jesetlerini gördi.
"Şol wagt çagalar kanalda suwa düşýärdiler. Men olaryň suwdan çykmagyny haýyş etdim" diýip, ol adam “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna aýdypdyr.
14-nji awgustda bolsa, şol obanyň mekdep okuwçylary Merkezi hassahananyň golaýyndaky kanaldaky geçi jesetlerini görüpdirler. Olaryň sözlerine görä, haýwanlaryň galyndylaryny ol ýerden çykarmak üçin iki adam suwa giripdir.
Şol gün Farabyň ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş waka barada habar berdiler. Olar etrap sanitariýa gözegçilik gullugyna ýüz tutdular, ýöne hiç hili reaksiýa bolmady diýip, habarda aýdylýar.
Azatlygyň habarçylary hem ýurtda dürli kesellerden, horlukdan ölýän mallaryň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler. Türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.